Latyn Amerikasynyň Sungat we sesýazgy ylymlary akademiýasynyň her ýyl geçirýän “Gremmi” baýragynyň 24-nji gowşurylyş dabarasy 16-njy noýabrda Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde geçirildi. Kolumbiýaly aýdymçy Şakira agşamyň ýyldyzy boldy. Ol iki esasy kategoriýada - “Ýylyň aýdymy” we singl Şakira üçin “Iň gowy pop-aýdym”: Bzrp Music Sessions, dijeý Bizarrap bilen ýazylan Vol 53. Şakira üçünji ýeňşini Karol G bilen paýlaşdy – olaryň Tqg aýdymy "Iň gowy urban - ýa-da fýužen-çykyş" kategoriýasynda baýrak aldy. Aýdymçy baýragyň dabarasynda iki gezek çykyş etdi – ol iki gezek ýeňiji bolan dinamiki tans çykyşyny ýerine ýetirdi, şeýle hem täsirli Acrostico balladasyny aýtdy we ony ogullaryna bagyşlady. Milan bilen Saşa zalda oturyp, ejesini goldadylar, soň bolsa ony ogşadylar we “Altyn grammofonlary” bilen gutladylar. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetiriji dört gezek owadan reňkli eşiklerini üýtgetdi: Harris Reed (ýokarsy adaty däl korset görnüşinde, aşagy art etegi süýrenip gidýän mahmal yubkadan ybaratdy) köýneginde gyzyl halyda suratçylara surata aldyrdy. Şakiranyň hit eden nomeri üçin: Bzrp Music Sessions, Vol. 53 aýdymçy güller bilen nagyşlanan ýarym açygrak näzik eşikleri geýdi we ajaýyp altynsow Dolce & Gabbana köýneginde Acrostico liriki aýdymyny ýerine ýetirdi. Agşamyň ahyrynda üç heýkeljigem elinde saklap, deňiz tolkunynyň reňkindäki örme köýneginde surata düşdi.