Las-Wegasyň şäher ýolunda 2023-möwsüminiň “Formula-1” çempionatynyň ýene bir tapgyry – Las-Wegasyň Gran-prisi tamamlandy. Onuň ýeňijisi “Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen boldy. Ikinji bolup pellehana “Ferrariden” Şarl Lekler geldi. Üçünji orny “Red Bulldan” Serhio Peres eýeledi. Jorj Rassel ýaryşy dördünji bolup tamamlady, ýöne özünden öňe geçen Werstappen bilen çaknyşma sebäpli bäş sekuntlyk jerimäniň netijesinde jemleýji protokolda dört orun ýitirdi. Las-Wegasyň Gran-prisinde ilkinji on orun şeýle görnüşde: Maks Werstappen “Red Bull” – 50 aýlaw; Şarl Lekler (“Ferrari”) +2,070; Serhio Peres (“Red Bull”) +2,241; Esteban Okon (“Alpin”) +18,665; Lens Stroll (“Aston Martin”) +20,067; Karlos Saýns (“Ferrari”) +20,834; Lýuis Hemilton (“Mersedes”) +21,775; Jorj Rassel (“Mersedes”) +23,091; Fernando Alonso (“Aston Martin”) +25,964; Oskar Piastri (“Maklaren”) +29,496.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir