15-nji noýabrda Boeing 787 Dreamliner howa gämisi Antarktida gondy diýip, USA Today we CNN habarlar gullugy habar berdi. Norwegiýanyň Norse Atlantic Airways-i tarapyndan dolandyrylýan howa gämisi 13-nji noýabrda Oslodan uçup, Keýptaunda wagtlaýyn gondy. Soňra uçar Antarktida tarap ugur aldy we şol ýere gondy. Dreamliner “buzdan we gardan ýasalan” uçuş-gonuş zolagyna gondy diýip, CNN belleýär. Uçarda Norwegiýanyň polýar institutynyň alymlary bilen birlikde jemi 45 ýolagçy bardy. Mundan başga-da, uçar Antarktidany öwrenmek üçin zerur bolan 12 tonna barabar gözleg enjamlaryny hem äkitdi. Norwegiýanyň Polýar institutynyň müdiri Kamilla Brekke: "Şeýle uly uçaryň gonmagy Troll-da (Norwegiýanyň Antarktika stansiýasy - RBC) logistika üçin düýbünden täze mümkinçilikleri açýar" - diýdi. Mundan başga-da, onuň sözlerine görä, has uly uçaryň ulanylmagy "umumy zyňyndylary azaltmaga" we "Antarktidadaky daşky gurşawa täsirini azaldyp biler". Boeing 787 Dreamliner-e 330 ýolagçy ýerleşip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir