Hytaý sekuntda 1,2 terabit (1200 gigabit) maglumat geçiriş tizligi bolan dünýäde iň tiz interneti işe girizdi. Bu taslama Sinhua uniwersiteti, «China Mobile» aragatnaşyk operatory, şeýle hem «Huawei Technologies» we «Cernet Corporation» kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirildi. Rekord derejede maglumatlary geçiriş tizligi bolan optiki-süýümli internet kabeli Pekin, Uhan we Guançžou şäherleriniň üstünden çekildi. Onuň uzynlygy üç müň kilometrden geçýär. Toruň işe girizilmegi on ýyl bäri üstünde işlenilip gelinýän Hytaýyň geljekki internet tehnologiýalar infrastrukturasynyň (FITI) bir bölegi boldy. Mundan ozal hünärmenler şuňa meňzeş maglumat geçiriş tizligi bolan tor ulgamynyň diňe 2025-nji ýylda işe girizilmeginiň başlamagynyň mümkindigini çaklaýardylar. «Huawei Technologies» kompaniýasynyň wise-prezidenti Wan Leý 1,2 terabit tizlik bilen bir sekuntda 150 sany HD formatly filmi ýükläp alyp boljakdygyny aýtdy. Bu ABŞ-daky şuňa meňzeş taslamalardan üç esse çaltdyr. 2021-nji ýylyň iýulynda Ýaponiýada simli internetiň tizligi boýunça rekord goýuldy. Inženerlere maglumatlary geçirmegiň tizligini sekuntda 319 terabite çenli ýetirmek başartdy. Ondan öňki rekord bolsa 2020-nji ýylda goýlupdy, şonda hünärmenler sekuntda 178 terabit tizlik gazanmagy başarypdylar.