Režissýor Tim Býortonyň «Wednesday» serialynyň ikinji möwsümi 2024-nji ýylyň aprel aýynyň ahyrynda surata düşürilip başlanar. Birinji möwsümiň işleri 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2022-nji ýylyň mart aýyna çenli Rumyniýada alnyp baryldy. Şol döwürde ikinji möwsümiň surata düşüriliş işleriniň Irlandiýada boljakdygy habar berlipdi. Çünki surata düşüriş topary ilkinji möwsümiň üstünde işleýän wagtynda «logistika bilen bagly kynçylyklary» ýeňip geçmeli boldular. Ssenaristler Alfred Gof bilen Maýls Millaryň bellemeklerine görä, täze möwsümde Addamslaryň maşgala aazalary has köp görkeziler, şeýle hem Wensdeýiň ejesi bilen gatnaşyklary has giňişleýin açylar. Baş keşbi janlandyrýan aktrisa Jenna Ortega täze möwsümde ýerine ýetiriji prodýuseriň wezipesini hem eýeledi. Ol täze bölümlerde ýetginjekleriň romantikasyna däl-de, gorkunç wakalara has köp üns beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem filmi döredijileriň baş gahrymanyň söýgi wakalaryny dowam etdirmezlik kararyna gelendigini aýtdy. Aktýorlar düzümi heniz belli däl, ýöne studiýa esasy keşbi janlandyrýanlaryň hemmesiniň şertnamalaryny täzeledi. Häzirki wagtda ssenariniň üstünde işlenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir