Hytaýyň Oba hojalyk uniwersitetiniň agronomlary we biotehnikleri emeli Aý regolitinde ösümlikler üçin zerur bolan fosfatyň mukdaryny köpeldip boljakdygyny ýüze çykardylar. Munuň üçin oňa birnäçe bakteriýa goşmak ýeterlikdir. Olar wulkan materialynyň nusgalaryna üç görnüşli bakteriýa goşup, topragyň ösümlikleri ösdürmek üçin amatlydygyny ýa-da däldigini barladylar. Ýygnalan nusgalar üç synag gabyna ýerleşdirildi we hersine bir bakteriýa goşuldy: Pseudomonas fluorescens; Bacillus megaterium (kelem taýajygy); Bacillus mucilaginosus (silikat bakteriýasy). Alymlar bakteriýalary ösdürip ýetişdirenlerinden soň, nämäniň üýtgändigini anyklamak üçin toprak nusgalaryny barladylar. Topragyň pH derejesiniň peselendigi ýüze çykaryldy, bu bolsa dargamaýan fosfat saklaýan minerallary dargadyp, fosfory bölüp çykardy we ony ösümlikler üçin elýeterli etdi. Agronomlar bu topraga ösümlik ekdiler we onuň kök urup, baldaklarynyň hem-de ýapraklarynyň ösýändigini ýüze çykardylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir