Formula-1-iň ýedi gezek çempiony beýik britaniýaly Lýuis Hemiltonyň Mersedes-iň düzüminde ilkinji ýeňşini gazanan awtoulagy Sotheby auksionynda 18,8 million dollara satyldy. Auksion Las Wegas Gran Prisi wagtynda Wynn Las Vegas myhmanhanasynda geçirildi. Bu häzirki zaman Formula 1 awtoulagy üçin tölenen iň ýokary nyrhdyr. Sotheby ilkibaşda awtoulagyň bahasyny 10-15 million dollar diýip çaklady. Hemilton 2013-nji ýylda bu awtoulagda Wengriýa Gran Prisinde ýeňiji bolupdy. Auksion öýüniň berýän maglumatlaryna görä, bu Mercedes-e, toparyň ýolbaşçysy we baş direktory Toto Wolff-a ýa-da Hemiltonyň özüne degişli bolmadyk, häzirki döwrüň Mercedes F1-niň ýeke-täk awtoulagydyr. Sotheby -niň wekili ulagy kimiň satyn alandygyny aýtmakdan saklandy. Hamilton 2013-nji ýyldan bäri Mercedes-iň adyndan çykyş edýär we bu döwürde topar bilen alty çempionlyk derejesini gazandy we 82 gezek Gran-Priniň ýeňijisi boldy. 38 ýaşly britaniýaly türgen ýeňişleri (103), poul-orunlary (104) we podiumda (197) ýeňiş gazanmak boýunça Formula 1-iň rekordyny eýeleýär. Gran-Pridäki soňky ýeňşini 2021-nji ýylda gazanypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir