«Hukukçy» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda hukuk hünäri boýunça okaýan talyplaryň arasynda mysaly okuw-tejribe bäsleşigini geçirmegi meýilleşdirýär. Bäsleşigi tejribeden alnan bir jedelli ýagdaýy Türkmenistanyň kanunçylygyna esaslanyp seljermek hem-de ony mysaly kazyýet önümçiligini gurnamak görnüşinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Bäsleşige ýokary okuw mekdeplerinde hukuk hünärini öwrenýän talyplar gatnaşyp bilerler. Bäsleşikde toparlar iki gatnaşyjydan ybarat toparlar görnüşinde bäsleşerler. Bäsleşigiň soraglary hukuk ulanyş we kazyýet tejribesinde duş gelýän işleriň esasynda işlenip düzüldi. Talyplaryň seljermegi üçin hödürlenýän mysaly jedeli: Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda seljermek, delilleri esaslandyrmak, ýazmaça we dil üsti bilen beýan etmek endiklerini ösdürmek göz öňünde tutulýar. Bäsleşikde eminlik etmek üçin tejribeli hukukçylary çagyrmak meýilleşdirilýär. Bäsleşik 2023-nji ýylyň 20-nji noýabryndan 22-nji dekabry aralygynda geçiriler. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, 1-nji tapgyrda talyplaryň mysaly jedelli işi seljerip, umumy netijenama ýazmak başarnyklary synagdan geçirler. Bu tapgyryň netijesinde 2-nji tapgyra geçen talyplar, resminamalar bilen işlemek we kazyýetde çykyş edip bilmek başarnyklary boýunça bäsleşerler. 2-nji tapgyryň dilden çykyşlarynyň netijesinde iň ökde iki topar final tapgyrda bäsleşmäge hukuk gazanar. Bäsleşigiň netijesinde aşakdaky ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlener we baýraklar bilen sylaglanar: «Ýeňiji topar» — 5 000 manat möçberdäki pul baýragy; «Finalist topar» — 3 000 manat möçberdäki pul baýragy «Bäsleşigiň iň gowy memorandumy» — 1 000 manat möçberdäki pul baýragy «Bäsleşigiň iň gowy dilewary» — gatnaşyja 1 000 manat möçberdäki pul baýragy Bäsleşik talyplaryň ýokary okuw mekdebinde alýan nazary bilimlerini tejribe bilen utgaşdyrmak, olaryň geljekki hünär işi üçin zerur bolan durmuş başarnyklaryny, hukuk endiklerini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzda hukuk aňyýetiniň, biliminiň hem-de medeniýetiniň ösüşine goşant goşmak maksady bilen geçirilýär. Giňişleýin maglumat üçin www.hukukchy.com internet saýtyna girip bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir