Türkmenistandan dzýudoçylar Daşkentde geçirilen kadetleriň arasynda Aziýa çempionatynda iki medal gazandylar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär. 18 dzýudoçy (10 erkek we 8 zenan) tarapyndan görkezilen toparymyzda kümüş medala Nuriýa Pardaýewa mynasyp boldy. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 10-njy synpynyň okuwçysy bu üstünligi 40 kg çenli agram derejesinde gazandy. Bu 15 ýaşly Nuriýa Pardaýewanyň halkara ýaryşlarynda ilkinji üstünligidir. Ol Lebap welaýatynda tälimçi Jora Matnazarowyň ýolbaşçylygynda dzýudo bilen meşgullanyp başlady. Ol 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga dalaşgärleriň biri bolan, Hançžoudaky (Hytaý) XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç baýrakçysy Maýsa Pardaýewanyň kiçi uýasydyr. Türkmenistanyň toparyna ikinji medaly Behruz Bahridinow getirdi, ol 50 kg çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy. Bu baýrak ugrunda 8 ýurtdan 9 dzýudoçy göreşdi. Paýtagtyň “Olimp” sport mekdebiniň 11-nji synpynyň okuwçysy 17 ýaşly Behruz Bahridinow halkara ýaryşlarynda ikinji gezek münbere çykýar. Ol şu ýylyň awgust aýynda Belarus Respublikasynda geçirilen GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynda hem bürünç medala mynasyp bolupdy. Häzirki wagtda Behruz Türkmenistanyň Dzýudo federasiýasynyň tälimçisi Guwanç Nurmuhammedowdan tälim alýar. Belläp geçsek, Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda 15 ýurtdan 181 türgen (103 erkek we 78 zenan) 16 baýrak toplumy ugrunda göreşdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir