Türkmen türgeni Gaýgysyz Töräýew Meksikada geçirilýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda iki görnüşiň jemi boýunça 335 kg netije bilen kümüş medala eýe boldy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär. Töräýew silterläp götermekde 151 kg agramly ştangany kellesinden ýokarda saklap, kiçi kümüş medala, itekläp götermekde 184 kg netije bilen kiçi kümüş medala eýe boldy. 81 kg çenli agram derejede gazagystanly türgen Ýedige Ýemberdi ýeňiş gazandy. Ol Töräýewden iki görnüşiň jemi boýunça bary-ýogy 1 kg öňe geçdi (336 kg; 145 + 191). Baýrakçylaryň üçlügini Gruziýadan Saba Asanidze jemledi – (333; 149 + 184). Bu ýaryşda Türkmenistana 6 türgen wekilçilik edýär. Mundan öň erkekleriň arasynda 67 kg çenli agram derejede Perhat Bagtyýarow (9-njy orun), zenanlaryň arasynda 64 kg çenli agram derejede Gülälek Kakamyradowa (18-nji orun) çykyş etdi. Meksikanyň Gwadalahara şäherinde agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionaty 23-nji noýabrda tamamlanar. Ýaryşyň galan günlerinde türkmen ýygyndysynyň düzüminde Anamjan Rustamowa (81 kg çenli), Resul Rejepow (89 kg çenli) we Şahzadbek Mätýakubow (96 kg çenli) çykyş eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir