Duşenbe güni ATP dünýäniň iň güýçli tennisçileriniň reýtingini täzeledi. Onda eýýäm 400 hepde bäri serbiýaly Nowak Jokowiç birinji orny eýeleýär. Jokowiç ýekşenbe güni ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Şeýle uzak wagtlap reýtingiň başynda saklanmak mundan öň hiç kime başartmandy diýip, "Rossiýskaýa gazeta" habar berýär. Jokowiç möwsümi karýerasynda sekizinji gezek dünýäniň birinji raketkasy hökmünde tamamlady. Ikinji orunda ispaniýaly Karlos Alkaras, üçünji orunda russiýaly Daniil Medwedew ýerleşýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir