Circular fransuz brendi dünýäde iň inçe we iň ýeňil diýlip hasaplanylýan “akylly” ýüzügiň döredilendigini habar berdi. Onuň agramy bary-ýogy 2 gr. Bu barada Gizmochina habar berýär. Çaklaňjadygyna garamazdan, Circular Ring Slim diýlip atlandyrylýan bu enjam adamyň saglygy baradaky maglumatlary yzarlamak üçin ähli zerur opsiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýürek urmasyny, stresiň derejesini we ganyň kislorod bilen doýgunlygyny ölçäp, uky režimini seljerip biler. Gajet ulanyjynyň fiziki işjeňligini yzarlamagy başarýar we emeli aňyň esasynda Kira + wirtual kömekçisi oňa şahsy maslahatlary berip biler. Ýüzügiň daş ýüzki üstüniň tutuksy titan görnüşi bar. Içki bölegi gipoallergen materialdan ýasalýar. Öndürijiniň pikiriçe, önüm suwuň uly bolmadyk täsirine çydamly. Circular Ring Slim-i Google Fit we Apple Health bilen çatylyp bilner. Batareýanyň ömri alty gün. Täze önümiň bahasy 275 dollar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir