«Nissan» kompaniýasy söwda üçin premial köçe eşiklerini öndüriji «Daniel Patrick» bilen birleşdi. «Fast Asleep» diýlip atlandyrylýan täze hyzmatdaşlyk iki brend üçin hem adaty bolmadyk aksessuarlara bagyşlanýar: bular ýatylanda geýilýän eşiklerdir. Şol bir wagtyň özünde, egin-eşik toplumyny döretmekde ýapon sport awtoulaglary, şol sanda «GT-R» we «Nissan Z» ylham çeşmesi boldy. Şeýlelik bilen, 250 dollara «Nismo» ulagyna häsiýetli çal fondaky gyzyl we gara reňkli nagyşlary bolan pižama hödürlenýär. Her ýeňde täze «Nissan Z-niň» çyralaryny ýatladýan gyzyl zolaklar şekillendirilipdir. Şol reňkdäki haladyň bahasy bolsa 175 dollara deň bolar. Iki eşik hem 50 nusgada öndüriler. Olary diňe «Daniel Patrick-iň» resmi web sahypasynda sargyt edip bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir