«Tatarystan Respublikasy» gazetiniň baş redaktory A.Ugarow Türkmenistanda daşary ýurt habarçysy hökmünde akkreditasiýa edildi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy habar berdi. Akkreditasiýa şahadatnamasyny 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew Alekseý Ugarowa gowşurdy. Soňra taraplar Türkmenistanyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryny Tatarystanyň metbugatynda, şol sanda “Tatarystan Respublikasy” gazeti bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şeýle hem iki ýurtdan habarçylarynyň arasynda tejribe alyşmagy guramak, žurnalistika bölümleriniň talyplary üçin onlaýn leksiýalary guramak, şeýle hem “Tatarystan Respublikasy” gazetiniň we Türkmenistan gazetiniň arasynda şertnama baglaşmak barada pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir