Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 18-20-nji noýabrda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Assambleýasynyň «ÝHHG çökgünlik döwründe: içerki we daşarky wehimlere jogap bermekde Assambleýanyň orny» şygary astynda Ýerewanda geçirilen güýzki sessiýasynyň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň çäklerinde çykyş etmek bilen, türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri bilen bagly öňe süren halkara başlangyçlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň wekiliýeti bu teklipleriň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň agza-döwletleri tarapyndan goldaw tapjakdygyna ynam bildirdi we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi we parahatçylyksöýüjilikli syýasaty esasynda parlament hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir