2023-nji ýylyň geçen 10 aýynda turba geçirijiler arkaly Türkmenistandan Hytaýa 8,07 milliard dollarlyk tebigy gaz eksport edildi. Şeýlelikde, Türkmenistan turba geçirijiler arkaly Hytaýa tebigy gaz ibermekde birinji ýerini saklap galdy diýip, ORIENT habar berýär. Bu görkeziji babatda ikinji orunda barýan Russiýa geçen 10 aýda 5,36 milliard dollarlyk tebigy gazy Hytaýa iberdi we geçen ýylyň degişli görkezijisinden 73 göterim ösüş gazandy. Geçen döwürde Mýanma 1,23 milliard, Gazagystan 1,08 milliard, Özbegistan 454,44 million dollarlyk tebigy gazy Hytaýa eksport etdiler. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük gullugy habar berýär. Mälim edilişine görä, geçen 10 aýda Hytaý daşary döwletlerden 96,51 million tonna tebigy gazy import etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 8,8 göterim köpdür.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir