Ultrasagçy syýasatçy, "Azatlyk gelýär" partiýasynyň wekili Hawýer Mileý Argentinada geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiji boldy. Ýurduň Milli Saýlaw Palatasynyň berýän maglumatlaryna görä, sesleriň 94%-den gowragy sanalandan soň, Mileýi saýlawçylaryň 55%-den gowragy (13,78 milliondan gowrak) goldaýandygy mälim boldy. Bu bäsdeşi, ýurduň başynda duran “Watanyň hatyrasyna bileleşik” merkezi çepçi birleşmä wekilçilik edýän, Argentinanyň Ykdysadyýet ministri Serhio Massanyň alan sesinden 11% köpdür. Serhio Massa, heniz resmi netijeler yglan edilmänkä, Mileýiň ýeňşini ykrar etdi. “Şu gün Argentinanyň dikeldiş döwri başlaýar. Bu taryhy gije "- diýip, netijeler yglan edilenden soň, Hawýer Mileý nygtady. Täze prezident 10-njy dekabrda işe başlar we 2027-nji ýylyň ahyryna çenli wezipesinide galar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir