«Apple» kompaniýasy öňümizdäki alty ýylyň dowamynda ähli enjamlaryny diýen ýaly OLED ekranlaryna geçirmegi meýilleşdirýär. Bar bolan maglumatlara görä, 2027-nji ýyla çenli «Apple» kompaniýasynyň önümleriniň hatarynda «iPad mini», «Air» we «Pro», «MacBook Pro» we «Air» enjamlarynyň OLED görnüşleri peýda bolar. Häzirki wagtda OLED displeýleri diňe «iPhone» flagmanlarynda we «Apple Watch» akylly sagadynda gurnalýar. OLED displeýleri bilen üpjün ediljek enjamlar «iPad Pro-nyň» 11 we 12,9 dýuýmlyk iki görnüşi bolar. Olaryň 2024-nji ýylda tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Planşetler «ProMotion» tehnologiýasynyň 120 Hz çenli adaptiw şekil täzeleniş tizligi bilen işlemegini üpjün etjek LTPO panellerine eýe bolarlar. 2026-njy ýylda «Apple» LTPS matrisalary bilen enjamlaşdyryljak «iPad mini» we «iPad Air» planşetleriniň OLED nusgalaryny hödürlär. «IPad Air-iň» ekranynyň diagonaly 10,9 dýuýmlygynda galar, «iPad mini-ňki» bolsa 8,3-den 8,7 dýuýma çenli ulalar. «Apple-iň» 2027-nji ýylda «iPad Pro» enjamyny «COE» (Colorfilter On Encapsulation) tehnologiýasy goldawy bolan OLED ekran bilen üpjün etjekdigi bellenilýär. Bu bolsa ekranyň sarp edýän energiýasyny 20% azaldar. Mundan başga-da, bu tehnologiýa «Apple» kompaniýasyna öz planşetinde ekranasty kamerany ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. 2025-nji ýylda «Apple» OLED ekrany bolan 16 dýuýmlyk «MacBook Pro» noutbugyny çykarar, 2027-nji ýylda bolsa 14 dýuým ekranly noutbuk hödürlener. 2026-njy ýylda «MacBook Air-iň» 13 we 15 dýuýmlyk OLED görnüşleri peýda bolar. OLED matrisalar noutbuklaryň has ýeňil, inçe we has energiýa tygşytlaýjy, ekranyň bolsa has ýagty we reňkli bolmaklaryny üpjün edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir