Allergiýanyň immunoterapiýasy üçin diş pastasy 11 aý dowam eden synaglarda 100% netijelilik görkezdi. Barlagyň netijeleri bilen Amerikanyň allergiýa, demgysma we immunologiýa kollejiniň (ACAAI) her ýylda geçirilýän ylmy ýygnagynda tanyşdyryldy. Arahise bolan allergiýa, köplenç, agyr alamatlar bilen ýüze çykýar we ýaşaýyş üçin howply bolup bilýär. Allergiýany ýeňilleşdirmek üçin agyz immunoterapiýasy ulanylýar – bedeni allergene öwrenişdirmek üçin lukmanyň gözegçiligi astynda arahis belogynyň az mukdarda dozalary kabul edilýär. Alymlar täze barlaglarda arahis bolan allergiýany ýeňilleşdirmek üçin ýörite işlenip düzülen diş pastasyny synagdan geçirdiler. Barlaga arahise allergiýasy bolan 18 – 55 ýaş aralygyndaky 32 adam gatnaşdy. Olar 48 hepdäniň dowamynda diş pastasy ýa-da arahis belogy bolan diş pastasy bilen üpjün edildi. Synag pastasyndaky arahis belogynyň konsentrasiýasy yzygiderli ýokarlandyryldy. Arahisli diş pastasyny alan her bir adam iň ýokary mukdardaky beloklary hem kabul edip bildiler. Olarda diňe agzynda gyjynma döremek ýaly ýeňil oňaýsyz täsirler peýda boldy. Gatnaşyjylaryň ählisi hem synagyň ahyryna çenli ýetdiler, bu bolsa bejerginiň peýdalanylyp bilinjekdigini görkezýär. Mundan başga-da, immunoterapiýanyň bu görnüşi ulanylyşy giňeldilip we netijeliligi ýokarlandyrylyp bilner, çünki adam derman serişdelerini kabul etmezden, adaty durmuşda ýaşap, dişlerini arassalaýan wagty «özüni bejerip» biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir