«Meenhong» kompaniýasy sensorly displeý bilen üpjün edilen «JX2» ykjam mini personal kompýuterini satuwa çykardy. Ykjam mini personal kompýuter «Full HD» durulygy bolan 5,7 dýuýmlyk ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol sensor dolandyryşy we multitaç ulgamyny goldaýar. Enjam 2,9 GGs ýygylygy bolan we «Intel UHD GPU» ornaşdyrylan dört ýadroly «Intel Celeron N5105» prosessory bilen işleýär. Mundan başga-da, «Meenhong JX2-de» 8 GB LPDDR4 operatiw ýat we SSD üçin iki sany M.2 2280 bölümi göz öňünde tutulypdyr: olaryň biri «NVMe» we «SATA-ny», beýlekisi diňe «SATA-ny» goldaýar. 160,6 x 81,9 x 21,5 mm ykjam ölçeglerine we agramynyň bary-ýogy 300 gr bolmagyna garamazdan, mini kompýuterde goşmaça enjamlary birikdirmek üçin dürli portlar bar: HDMI 2.0, Gigabit Ethernet, 3,5 mm audio birikdirijisi, üç sany USB-A we iki sany USB-C. Şeýle hem kompýuter Wi-Fi 6 we Bluetooth 5.2 simsiz tehnologiýalaryny goldaýar. Enjamyň işlemegi üçin ony tok çeşmesine birikdirmegiň zerurlygy ýok – munuň üçin azyndan 12 Wt kuwwaty bolan daşarky akkumulýator ýeterlikdir. Enjam «Ubuntu» ýa-da «Windows 11 Pro» operasion ulgamlarynda işleýär. «Meenhong JX2» mini personal kompýuter iki görnüşde hödürlenýär. 8 GB RAM we 128 GB SSD bolan nusganyň bahasy 195 dollar, 256 GB ýady bolan nusganyň bahasy bolsa 210 dollar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir