Fransiýanyň ilkinji imperatory Napoleon I Bonapartyň (1769–1821) iki burçly başgaby (bikorn) Fransiýanyň Fontenblo şäherinde geçirilen auksionda 2 million ýewro golaý bahadan satyldy diýip, auksiony guran «Osenat» auksion öýi habar berýär. «Uzak wagt dowam eden söwdadan soň imperator Napoleonyň başgaby 1,932,000 ýewro bahadan öz alyjysyny tapdy» diýip, guramaçylar gürrüň berdiler .Gürrüň, takmynan, 1810-njy ýyla degişli hasaplanýan üç reňkli kokarda bilen bezelen gara reňkli fetr başgap barada barýar. Napoleonyň 1815-nji ýylda «Inconstant» atly brig gämisinde Elba adasyndaky sürgünden gaçyp barýan wagtynda şu iki burçly başgaby geýendigi çaklanylýar. Auksion öýi Napoleon Bonapart bilen baglanyşykly satylan lotlaryň arasynda munuň rekord bahadygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde, söwdadan öň bikornyň çak edilýän bahasy 600 müňden 800 müň ýewro aralygynda üýtgeýärdi. Ondan öň Napoleona degişli iň gymmat zadyň 2014-nji ýylda şol auksion öýünde geçirilen söwdada 1.8 million ýewro satyn alnan başga bir başgaby hasaplanýardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir