2023-nji ýylyň ahyryna çenli Baku portunyň üsti bilen Merkezi Aziýadan 2 million tonna çenli nebitiň daşalmagy meýilleşdirilýär. Bu barada «Bakuw halkara deňiz söwda porty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Strategik meýilnamalaşdyryş we ösüş bölüminiň başlygy Hudaýar Hasanli mälim etdi diýip, «Report.az» ýazýar. Hudaýar Hasanliniň bellemegine görä, bu görkeziji geçen ýylkydan iki esse köpdür. «Gazagystandan we Türkmenistandan alynýan nebit Azerbaýjanyň üsti bilen Günbatar ýurtlaryna iberilýär» diýip, H.Hasanli belleýär. Ozal Azerbaýjanyň Türkmenistandan tebigy gazyň satyn alnyşyny, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 2,1 esse artdyrandygyny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir