23 – 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatynda işlemek üçin ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan meýletinçileriň 300-e golaýy taýýarlanyldy. lar bilen degişli okuwlar geçirilip, her bir meýletinçiniň etmeli işleri anyklaşdyryldy. Guramaçylygyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, meýletinçileri taýýarlamakda hem halkara tejribesinden ugur alyndy. Islendik iri sport ýaryşynyň ýokary derejede geçmeginde meýletin kömekçilere uly orun degişlidir. Meýletinçileriň ýaryşa gatnaşyjylara, eminlere, sport wekillerine, tomaşaçylara, şol sanda sport žurnalistlerine hem nähili ýardam berýändigine paýtagtymyzda geçirilen ozalky ýaryşlardaky tejribede hem şaýat bolundy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir