Şu gün Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetleriniň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň başlyklary R.Meredow bilen M.Bazrpaşanyň ýolbaşçylygynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, ministrler iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çalt depginli we yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Duşuşykda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, şu günler Aşgabatda geçirilýän söwda we ykdysady çäreler we duşuşyklar toplumynyň ähmiýeti nygtaldy. Ulag, logistika we aragatnaşyk meselelerine, esasan hem, ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir