Türkmen-eýran bilelikdäki duşuşykda nebit-gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek meselesinde içgin durlup geçildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iki ýurduň arasynda gaz ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň hem soňky döwürde barha ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagallalaryň edilýändigi mejlisde nygtaldy. Türkmenistandan Eýrana çekilen gaz geçirijiler arkaly türkmen tebigy gazynyň iberilmegi boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda «Körpeje – Gurtguýy» gaz geçirijisiniň kuwwatlylygyny doly peýdalanmak arkaly goňşy ýurda eksport edilýän tebigy gazyň möçberleriniň artdyrylmagyna gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir