şu gün Türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde ulag-üstaşyr geçelgesine uly ähmiýet berildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Gazagystan — Türkmenistan — EYR geçelgesi möhüm ulag-üstaşyr geçelgeleriň biri bolup durýar. Bu ulag geçelgesi dünýä halklary üçin bähbitli, ýagny umumadamzat ähmiýetli giň mümkinçilikleri öz içine alýar. Aziýa yklymynyň gündogar ýurtlaryndan, şol sanda Hytaý Halk Respublikasyndan demir ýol üsti bilen gaýdýan ýükleriň ýurdumyzdan ulag-üstaşyr geçmek bilen, häzirki wagtda hereket edýän Gazagystan — Türkmenistan — EYR-nyň demir ýolunyň ösen infrastrukturasyndan peýdalanar we Pars aýlagyna çykar. Munuň özi Çyn-Maçyndan gaýdan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň biziň ýurduň çäklerinden geçip, arap ýurtlaryna baryp ýetendigini tassyklaýan taryhy çeşmeleriň şu günki gün hem döwrebap derejede ösdürilýändigini görkezýär. Bu ugry işjeňleşdirmek meselesine geçirilen mejlisde içgin seredildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir