Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde iki sany serhet söwda zolagyny açmagy teklip etdi. Muny Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatda geçirilen türkmen-eýran işewürlik forumynda mälim etdi diýip, «Report.az» habar berdi. «Döwlet serhedindäki «Howdan-Bajgyran» barlag-goýberiş nokadynda serhet bazary hereket edýär we Türkmenistan şeýle söwda zolaklaryny döretmek meselesine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Eýran tarapyna türkmen-eýran döwlet serhedindäki «Sarahs-Sarahs» we «Altyn asyr-Inçe-burun» barlag-goýberiş nokatlarynda söwda zolaklaryny döretmek meselesini öwrenmegi teklip edýäris. Iki ýurduň hususy gurluşlarynyň bu sebite goşant goşjakdygyna ynanýarys» diýip, wise-premýer belledi. Şeýle hem R.Meredow söwda gatnaşyklaryny türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde belledi. «Häzirki wagtda iki ýurduň döwlet we hususy pudaklary ikitaraplaýyn söwdanyň göwrümini giňeltmek babatda zerur işleri durmuşa geçirýärler. Serhet söwdasy bu ýerde möhüm ähmiýete eýe» diýip, daşary işler ministri nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir