Salwadorda geçen «Älem gözeli» gözellik bäsleşiginde 23 ýaşly nikaragualy gyz Şeýnnis Alondra Palasios Korneho ýeňiş gazandy diýip, «MIR 24» ýazýar. Şeýnnis Managua şäherinde doguldy, Merkeziamerikan uniwersitetinde köpçülikleýin aragatnaşyk serişdeleri pudagy hünäri ugrundan okap, bakalawr derejesini aldy. Häzir ol artist we meşhur brendleriň biriniň wekilidir. «Älem gözeli» gözellik bäsleşigine 80-den gowrak ýurtdan gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşik geljek ýyl Meksikada geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir