Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzümine 2023 — 2027-nji ýyllar üçin saýlanmagy mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň habar berişi ýaly, gutlagda, hususan-da, şeýle diýilýär: Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygyna barýan toýly günlerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzümine 2023 — 2027-nji ýyllar üçin saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüniziň uzak bolmagyny, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdunda halkymyzyň, ylaýta-da ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan döwlet syýasatyňyzyň hem-de sport diplomatiýasyny ösdürmekde durmuşa geçirýän tagallalaryňyzyň mundan beýläk hem rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin. Hormatly Prezidentimiz! Ýurdumyzda Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini ýaýbaňlandyrmak, ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi Türkmenistan döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Täze taryhy döwrümizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bu abraýly halkara Guramanyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzümine 2023 — 2027-nji ýyllar üçin saýlanylmagy ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki mertebesini has-da beýgeltdi. Belent mertebeli Prezidentimiz! Siz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuňňur mazmunly çykyşyňyzda ýurdumyzyň bu komitetiň düzümine saýlanmagy baradaky başlangyjy öňe sürdüňiz. Halkara sport hyzmatdaşlygynda Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini nazara alyp, sportuň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mekany bolan Diýarymyzyň bu ugurda uzak geljegi nazarlaýan üstünlikleri äleme äşgär. Mälim bolşy ýaly, Bitarap döwletimizde halkara awtorallisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw ýaryşlary hem-de köpçülikleýin welosipedli ýörişler, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýokary derejede geçirildi. Siziň belleýşiňiz ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bolsa sport, parahatçylyk, dostluk däplerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrdy. Sarpasy belent Prezidentimiz! Siziň ýolbaşçylygyňyzda täze taryhy döwrümizde sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasatynyň işjeň ösdürilýän ugurlarynyň hatarynda ähmiýetini has-da artdyrdy, şonuň netijesinde, Türkmenistan iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň hem ýurdumyzyň sport diplomatiýasyny ösdürmekde mynasyp goşandyny goşjakdygy ikuçsuzdyr. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sport abraýyny gorajakdygyna, watansöýüjiligiň, erjelligiň hem-de ussatlygyň belent nusgasyny görkezjekdiklerine berk ynanýaryn. Siziň başlangyjyňyz bilen ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe, sport hereketiniň ýaýbaňlandyrylmagynyň, sport desgalarynyň köpçülikleýin gurulmagynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Sagdynlyk diňe bir adamyň ýa-da maşgalanyň abadançylygy bolman, eýsem, ýokary zähmet mümkinçilikleriniň-de möhüm şertidir, medeni derejäniň görkezijisidir, döwlet dolandyryşynyň netijeli ulgamynyň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiz! Sizi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzümine 2023 — 2027-nji ýyllar üçin saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!