14-15-nji noýabrda Daşkentde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMKA-10) Utgaşdyryjy toparynyň 3-nji mejlisine geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasynda habar berildi. Mejlise Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň degişli pudaklary boýunça wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Daşary işler, Içeri işler ministrlikleriniň, Döwlet serhet, Döwlet migrasiýa gulluklarynyň, Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa we Döwlet karantin gulluklarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri wekilçilik etdiler. Mejlisde wekiliýet ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrýan işler dogrusynda çykyşlary diňlenildi, şeýle hem Maksatnamanyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlendi we geljek ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda Maksatnamanyň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli sergi hem guraldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir