«MiniBoss Business School» mekdebiniň Türkmenistandaky resmi wekili – «Iş Nokady» HK ýaş türkmenistanlylaryň telekeçiligiň esaslary boýunça okuwlara kabul edilip başlanýandygyny habar berdi. Okuwyň maksatnamasy çagalarda telekeçilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilendir, bu bolsa geljekde olara öz işewürligini döretmäge, müşderileri çekmäge, marketing strategiýalaryny işläp düzmäge we maliýe serişdelerini dolandyrymaga kömek eder. Mundan başga-da, ýaş telekeçiler toparlaýyn işlemekde we döredijilikli pikirleri ulanmakda gymmatly tejribe gazanarlar. Çagalara we ýetginjeklere iş teoriýasyny we tejribesini öwretmek prosesinde özboluşly «BigBoss» we «MiniBoss» usullary, şeýle hem täsirli işewürlik modelleri ulanylýar, bu bolsa olara: - zehinini ösdürmäge we mümkiçiliklerini açmaga; - hakyky kärhanalarda işewürlik bilimlerini we tejribesini gazanmak; - öz stratap taslamasyny döretmäge we ony startaplaryň arasynda geçirilýän Dünýä çempionatynda tanyşdyrmaga; - Beýik Britaniýanyň halkara diplomyny almaga mümkinçilik döredýär. Işewürlik mekdebinde bilim almagyň tapawutly taraplary: • işewürlik üstünlikleri üçin zerur bolan täze başarnyklary, şol sanda strategiki meýilnamalaşdyrmak, maliýe serişdelerini dolandyrymak, marketing we liderlik ukyplaryny ýolbaşçylyk; • tankydy pikirlenişi, aragatnaşyk we meseläni çözmek endiklerini ösdürmäge kömek etjek şahsy ösüş; • hünär derejesiniň ýokarlanmagy, çünki alnan bilimler geljekde karýeranyň ösmegine ýa-da hususy işewürligiň üstünlikli guralmagyna mümkinçilik döreder. Okuwlara 6 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky okuwçylar çagyrylýar. Sapaklar dynç günleri geçiriler. Onlaýn we oflaýn görnüşde rus hem-de iňlis dillerinde bilim bermek göz öňünde tutulýar. Maslahat almak we okuwlara ýazylmak üçin şu salga girmek ýa-da (+993 12) 46 81 65 telefon belgisine jaň etmek zerurdyr. «Iş Nokady» HK-nyň salgysy: «Berkarar» işewürlik merkezi, 10-njy gat, blok J1.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir