Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar. Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, nah mata we ýüplük, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 799 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýerli telekeçiler bolsa içerki bazar üçin jemi bahasy 89 million 798 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, yşyklandyryş kerosinini, nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), el halylaryny, panbarhat we nah matalary, nah ýüplügi satyn aldylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir