Türkmenistanly Islam Rahmetow professional kikboks boýunça «FKR PRO 7» turnirinde russiýaly Ruslan Kiselýow bilen tutluşyp, özüniň debýut ýeňşini gazandy. Tutluşyk Soçi şäherindäki «RED ARENA» sport desgasynda geçirildi. Rahmetow bilen Kiselýowyň arasyndaky söweş turniriň deslapky kardyndan orun alyp, tutluşygyň dowamynda türgenler dartgynly göreş alyp bardylar. Türkmen türgeni üç raundda hem garşydaşyndan üstün hereket etdi hem-de eminleriň biragyzdan çykaran kararlary esasynda ýeňiş gazandy. Ýeri gelende bellesek, Islam Rahmetow kikboks boýunça sport ussatlygyna dalaşgär bolup, ol bäş gezek Türkmenistanyň çempionydyr. Şeýle-de, Islam Rahmetow 2019-njy ýylda Dünýä kubogynyň eýesi bolmagy başardy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir