Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ýurduň elektrotehniki senagaty üçin ýokary woltly elektrik goraýjylary we dürli modifikasiýalardaky çyzykly birleşdirme armaturlar ýaly köp sanly önümleri öndürýär. PN-2 haryt nyşanly (0,4 kW çenli nominal naprýaženiýe hem-de 100A, 250A, 400A, 630A nominal tok üçin) artykmaç ýüklemeleriň we gysga utgaşmalaryň öňüni almak bilen, kuwwatly we kömekçi ulgamlary goramak üçin ulanylýar. Öz gezeginde, kwars gumy bilen doldurylan PK haryt nyşanly ýokary woltly elektrik goraýjylar elektrik zynjyrlaryny, elektrik simlerini, elektrik hereketlendirijilerini, şeýle hem naprýaženiýe transformatorlaryny goramak üçin niýetlenendir. Zawodda öndürilýän çyzykly birleşdirme armaturalary simleriň asma izolýasiýasy, elektrik geçirişiň howa liniýalarynyň simlerini birikdirmek we ýygnamak üçin ulanylýar. WL10 kW direginde, aralyk bir sütünli direglerde, şeýle hem uzynlygy 9,5 we 11 m bolan demirbeton diregler esasly WL0,38 kW üçin berkidilen gurluşyň anker direglerinde ulanylýar. Elektrik önümlerini öndürmekden başga-da, «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň nebit-gaz pudagy üçin köp sanly önümçilik işlerini alyp barýandygyny we bu pudaklarda işleýänler üçin niýetlenen iş geýimlerini tikýändigini ýatladýarys. «Nebitmaş» DK-nyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý; Telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.