1. 26-njy noýabrda Aşgabatda «Bütindünýä durnukly ulag güni» Kararnamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de sergi geçiriler. Utgaşykly görnüşde geçiriljek foruma BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, ulag ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleriniň we beýlekileriň gatnaşmagyna garaşylýar. 2. Aşgabatda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilen türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi. Işewür toparlaryň nobatdaky duşuşygy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň hem-de Eýranyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 3. Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guruljak Türkmenistanyň Milli pawilionynyň çäginde Döwlet baýdagy dikildi. Milli pawilionyň gurluşygy üçin ýer bölegi «EKSPO — 2025-e» gatnaşyjy ähli ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup Türkmenistana bölünip berildi we ýurt Bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri bolan Ýumesima emeli adasynda ilkinji bolup Döwlet baýdagyny dikdi. 4. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda talyplaryň arasynda rus dili dersi boýunça Halkara internet olimpiadasy geçiriler. Zehin bäsleşigine Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ähli talyplary gatnaşyp bilerler. Munuň üçin 30-njy noýabrdan öň ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda internet olimpiadasynyň sahypasynda maglumatnamany dolduryp, hasaba alynmak zerurdyr. Olimpiada 2023-nji ýylyň 6-7-nji dekabrynda ähli gatnaşyjylaryň birbada gatnaşmaklarynda bir tapgyrda geçiriler. 5. Türkiýeli suratkeş Aşgabatda «ebru» görnüşinde surat çekmegiň usulyny görkezdi. Bu çäre Türkiýe medeniýetiniň Türkmenistandaky günleriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Aşgabatda geçirildi. Pars dilinden terjime edilende howa bulutlary diýmegi aňladýan ebru sungaty Türkiýä Eýrandan gelipdir. Bu usul suwuň ýüzüne boýaglar bilen surat çekmekden we şekili kagyza ýa-da başga bir berk binýada – agaja, mata, keramika ýa-da derä geçirmekden ybaratdyr. 6. Maýa Kuliýewan adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny italýan kompozitory Juzeppe Werdiniň 210 ýyllygyna bagyşlanan konserte çagyrýar. Konsert 25-nji noýabrda konserwatoriýanyň Uly zalynda geçiriler. Konsert 18:00-da başlanýar, giriş mugt. Dünýäde 7. 2024-nji ýylda Ýeriň ýaşaýjylary iki gezek Gün tutulmasyny synlap bilerler. Ilkinji Gün tutulmasy 8-nji aprelde bolar. Bu hadysa doly bolar, ýagny Aý Güni doly örter. Bu hadyna ABŞ-niň, Kanadanyň we Meksikanyň ýaşaýjylaryna görner. 2-nji oktýabrda bize halka şekilli Gün tutulmasy garaşýar – bu astronomiki hadysada Aý Güni doly örtmeýär. Gün tutulmasy Argentinanyň, Çiliniň çäginde, şeýle hem Ýuwaş ummanyň merkezi we günorta-gündogar zolagynda bolup geçer. 8. Rumyniýada telefondan gözüni aýyrman ýa-da gulagy gulaklykly ýoldan geçýän pyýadalara jerime salmak barada kanunyň taslamasyna seredilýär. Jerime takmynan 87,5 ýewro ýetip biler. Kanun çykaryjylar täze çäreleriň köçe-ýol heläkçilikleriniň sanyny azaltmaga kömek etjekdigine ynanýarlar. Şu ýyl Rumyniýanyň pyýada geçelgelerinde bäş adam aradan çykdy. Sport habarlary 9. Türkmenistanly Yslam Rahmetow professional derejedäki ilkinji tutluşygynda, ýagny Soçide geçirilen professional kikboksing boýunça «FKR PRO 7» ýaryşynda emin agzalarynyň biragyzdan çözgüdi esasynda russiýaly Ruslan Kiselýowdan üstün çykdy. Rahmetow we Kiselýow deslapky tapgyryň çäklerinde ringde duşuşdylar. Söweşijiler ajaýyp we çekeleşikli söweş görkezdiler, türkmen türgeni üç raundda hem garşydaşyndan üstünligini saklady, bu bolsa eminleriň çözgüdini kesgitledi. Yslam Rahmetow kikboksing boýunça sport ussatlygyna dalaşgär, bäş gezek Türkmenistanyň çempiony we 2019-njy ýyldaky Dünýä kubogynyň eýesidir. 10. Türkmen türgeni Gaýgyzyz Töräýew Meksikada geçirilen Agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynda iki tapgyryň jemi boýunça 335 kg netije bilen kümüş medala mynasyp boldy. Töräýew silterläp götermekde kellesinden ýokarda 151 kg agramly ştangany saklady, itekläp götermekde bolsa 184 kg netije görkezdi. Bu ýaryşda Türkmenistana 6 türgen wekilçilik edýär. Agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionaty 23-nji noýabrda tamamlanar. Bäsleşigiň galan günlerinde türkmen ýygyndy toparynyň düzüminden Anamjan Rustamowa, Resul Rejepow we Şahzadbek Matýakubow sahna çykarlar.