«Google Developer Group (GDG) Ashgabat» IT jemgyýetçiligi 9-njy dekabrda geçiriljek «DevFest-2023» tehnologiýa festiwalyna gatnaşmak isleýänleri hasaba almaga başlady. Festiwala tejribeli we täze döredijiler hem gatnaşmaga çagyrylýar. Bu çäre tejribe alyşmaga, halypalarydyr pikirdeşleriňizi tapmaga we programmirleme endikleriňizi ösdürmäge mümkinçilik berer. Maslahatda okuwlar we ýaryşlar guralar. Şeýle hem, gatnaşyjylar «Google Cloud»-dan adamlara bulut endiklerini we bilimlerini ösdürmäge kömek etmek üçin döredilen okuw maksatnamasy bolan «Cloud Skills Boost»-a girip bilerler. GDG Ashgabat web sahypasynda tehnofestiwala gatnaşmak üçin hasaba durup bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir