Ezber türkmen halyçylary tarapyndan dokalan gadymy nepis halylar Awstriýada geçiriljek «Ajaýyp gadymy gündogar halylary we XIX asyr jemgyýetçilik sungaty» atly auksion söwdasynda satuwa çykarylar. Bu barada daşary ýurt habar beriş serişdelerine salgylanyp, «Report.az» habar berýär. «Ajaýyp gadymy gündogar halylary we XIX asyr jemgyýetçilik sungaty» söwdasynyň 2023-nji ýylyň 2-nji dekabrynda ýerli wagt bilen sagat 16:00-da başlamagyna garaşylýar. Umuman alanyňda, söwdada 282 haly, gadymy gündogar önümleri, şol sanda gadymy senetçilik önümleri bolar. Olaryň arasynda Türkmenistandan başga-da, Kawkazdan, Anadolydan we Gündogar Türküstandan bolan ussatlaryň dokan halylary satuwa çykarylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir