Türkiýäniň «Turan Teknoloji Anonim Şirketi» (Turan) töleg ulgamy noýabr aýynda Türkiýeden Merkezi Aziýa ýurtlaryna pul geçirimlerini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Muny «United Payment» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň baş direktory Edgar Abdullaýewiň sözlerine salgylanyp, «Trend» habar berdi. «Turan» Merkezi Aziýa ýurtlaryna pul ibermek isleýän müşderiler üçin täze mümkinçilikleri hödürlär. Bu ädim kompaniýanyň global ulgamy giňeltmek we amatly hem-de ygtybarly pul amallary üçin müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak borjuny görkezýär. Biz öz müşderilerimize Merkezi Aziýa ýurtlaryna pul serişdelerini ibermek mümkinçiligi hödürleýändigimize buýsanýarys! Biziň maksadymyz her bir amalda ýönekeýligi we amatlylygy üpjün etmekden, geçirmek prosesini müşderilerimiz üçin mümkin boldugyça ýeňilleşdirmekden ybarat» diýip, E.Abdullaýew belleýär. Turan töleg ulgamynda häzirki wagtda 120 müňden gowrak işjeň ulanyjy bar. Onda her aýda 700 müňden gowrak tranzaksiýa amaly amala aşyrylýar diýip, çeşme habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir