Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň resmi saýty habar berýär. Maslahatyň dowamynda ýakynlaşyp gelýän Kuraş boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy, daşary ýurtly türgenlerdir tälimçileri kabul etmegiň, olara çempionatyň geçirilýän döwründe ýokary myhmansöýerlik görkezmek we ýaryşlaryň çäginde türgenleşik şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy. Şeýle hem, maslahatyň dowamynda dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri bolan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guraljak tutluşyklary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen dünýä ýaýmak, ýaryşa gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetlere ýörite terjimeçi we ýardam beriji meýletinçiler toparlaryny berkitmek, ähli ýaryşa gatnaşyjylar üçin internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagyny gazanmak we beýleki guramaçylyk meselelerine seredildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir