Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň dowamynda 14 müň tonna golaý mäş eksport etdi. Bu barada «Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen telekeçi Döwletgeldi Ballyýewiň makalasynda bellenilýär. akalada soňky ýyllarda Türkmenistanyň mäş eksportyny görnetin artdyrandygy aýdylýar. Has takygy, 2017-nji ýylda 691 tonna türkmen mäşi daşary ýurtlara eksport edilen bolsa, 2022-nji ýylda bu görkeziji 15 esse töweregi ýokarlanyp, 11 müň tonna golaý boldy. 2023-nji ýylyň on aýynyň dowamynda Türkmenistanyň mäş eksporty geçen ýylky umumy görkezijiden hem artyp, 14 müň tonna golaýlady. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda mäş Mýanma, Hytaý, Awstraliýa, Özbegistan we Hindistan eskport etmekde öňdebaryjy döwletler hasaplanylýar. Telekeçi D.Ballyýew öz makalasynda geljekde Türkmenistanyň bu sanawyň öňdäki orunlara geçmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedigini jikme-jik beýan edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir