Ýewropanyň ýurtlary sil joşgunlarydyr rekord derejede ýagan ygallardan çekilen ýitgileri hasaplaýarlar. Mysal üçin, uzaga çeken ýagyşlardan soňra Fransiýanyň demirgazygyndaky etraplar suwa gark boldy. Suw häzir kem-kemden çekilýär. Hünärmenler munuň sebäbiniň ýerli topragyň batgalykdygy we sebitiň üstünden geçen «Federiko» harasaty bilen baglaýarlar. Häzir bu ýerde birnäçe müň adam içimlik suwa mätäçlik çekýär. Ýüzlerçe öýler elektriksiz galdy. Belgiýada hem ýagdaý şeýle. Bu ýerde-de topragyň çakdanaşa çyglylygy üçin daşgyn suwlary ýeriň ýüzünde çaýkanyp ýatyr. Daniýada bolsa ulag ýollary suwa gark boldy diýip, «Habar 24» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir