Täze ýyl — bu hemişe özi bilen şatlygy hem-de ajaýyp sowgatlary getirýän täsin baýramçylyk. Bu baýramçylykda dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan çagalar öz arzuwlaryny beýan edip, Aýazbaba hat ýazýarlar. Çaga hatynyň Aýazbaba gowuşmagy üçin ony haýsy salga iberip biler? Munuň birnäçe ýoly bar. Aýazbabanyň Beýik Ustýugdaky poçtasy — bu iň däp bolan usuly. Bu ýere ýazylýan hatlar hökmany suratda kabul edijä gowuşýar. - Beýik Ustýug: 162390, Wologodskaýa oblasty, Beýik Ustýug şäheri, Oktýabrskiý çatrygy, 1a jaýy. Aýazbabanyň beýleki rus şäherlerindäki poçtasy: - Moskwa: 109472, Moskwa şäheri, Kuzminskiý tokaýy, Wolgograd şaýoly, 168-nji jaý; - Altaý: Belokuriha şäheri, Slawskiý köçesi, 17-nji jaý; - Kareliýa: Kareliýa Respublikasy, Olones şäheri, Ýeňşiň 30 ýyllygy köçesi, 8-nji jaý; - Tatarystan: Tatarystan Respublikasy, Arskiý etraby, Ýana Kyrlaý; - Nižegorodskaýa oblasty: Nižegorodskaýa oblasty, Uteçino obasy, 171a jaýy; Ösen tehnologiýalaryň döwründe hatda köneçil Aýazbabanyň hem elektron poçtasy bar. - Beýik Ustýug: postcard@ao-dedmoroz.ru; - Moskwa: pochta@dedmorozmos.ru; - Аltaý: altaydedmoroz@ded22.ru. Hatyňyza goluňyzy çekmegi hem-de salgyňyzy görkezmegi unutmaň. A kimde-kim Aýazbabanyň bardygyna ynanmaýan bolsa, onda Aýazbabanyň çyndanam bardygyny subut edýän 5 sany subutnama bilen tanyşmagy maslahat berýäris.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir