Bakuwda Goşulyşmazlyk hereketiniň «Zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek atly maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň işine türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar diýip, «Report.az» habar berdi. Aýal-gyzlaryň hukuklarynyň artdyrylmagyna bagyşlanan halkara maslahat iki gün dowam eder. Onuň barşynda zenanlaryň hukuklaryna degişli dürli temalar boýunça ara alyp maslahatlaşmalar guralar. Maslahata BMG-niň, ISESCO-nyň we Halkara türk medeniýetiniň we mirasynyň gaznasy ýaly 9 halkara guramanyň wekilleri gatnaşýar. Gatnaşanlaryň arasynda Türkmenistandan başga-da, Türkiýe, Özbegistan, Sudan, Russiýa, Indoneziýa, Müsür, Wenesuela, Palestina, Hindistan, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlaryň hünärmenleri hem bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir