Şu gün Berlinde, Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň howandarlygynda Humboldt Carre Berlin kongres merkeziniň mejlisler zalynda türkmen-german işewürlik forumy geçirildi. Bu barada HHM habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, foruma Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem ýurduň telekeçileri gatnaşdylar. Türkmen-german işewürlik forumy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. German we türkmen taraplarynyň 200-den gowrak wekilini birleşdiren bu forum ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy. Forumyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri, Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylary, dünýä belli nemes kompaniýalarynyň, iri bank we maliýe guramalarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy maliýe-bank guramalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly tehnologiýalary, elektron bank işini we bu ugurda beýleki ileri tutulýan ugurlary ornaşdyrmakda öňdebaryjy tejribäni öwrenmeklige uly ähmiýet berilýär. Ozal biz 20-nji noýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Türkmen-german işewürlik forumynyň, 22-23-nji noýabrda bolsa Beýik Britaniýanyň London şäherinde «Türkmenistan – maýa goýum we ösüş» atly forumyň geçiriljekdigini habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir