Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi. Häkimler häzirki wagtda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak we pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, talabalaýyk saklamak, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň ýerine ýetirilýändigi, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýandygy barada aýdyldy. Welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň geçirilýändigi barada hem habar berildi. Degişli hasabatlarda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak, ýygnalan hasyly kabul ediş nokatlarynda gündelik bökdençsiz kabul etmek we gaýtadan işlemek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy. Häkimler şeýle-de, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany häkimlere ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bu işleriň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny, bugdaýa edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle-de häkimlere ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew ýurtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir