Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda degişli häkimler ýurduň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hem hasabat berdiler. Şeýle-de wise-premýer T.Atahallyýew, hasabatynyň çäklerinde, häzirki wagtda ýurduň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragynyň tamamlaýjy tapgyrda dowam edýändigini habar berdi. Döwlet Baştutany iş maslahatynda şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýer T.Atahallyýewe, welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Belläp geçsek, 17-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamak işiniň dowam edýändigi barada aýdyp, şol wagta çenli şalynyň 72 müň 246 tonnasynyň ýygnalandygyny, hasyly saklamak we arassalamak boýunça degişli çäreleriň görülýändigini döwlet Baştutanyna habar berdi. Türkmenistanda şaly, esasan, ýurduň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ekilýär. Hili we tagamy boýunça tapawutlanýan, «Daşoguz tüwüsi» diýlip atlandyrylýan tüwi ýurtda giňden belli bolup, bazarlarda, söwda dükanlarynda iň geçginli azyk harytlarynyň biridir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir