20-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem söhbetdeşlikde özara gyzyklanma bildirilýän sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy diýip, çeşme belleýär. Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna täze ilçi belländigini habar beripdik. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew bellenilip, ol Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir