Lebap welaýatynyň üç etrabynyň daýhanlary şaly hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamany amal etdiler. Has takygy, Köýtendag, Kerki we Darganata etraplarynyň şalyçylary sebitde ilkinjiler bolup, arzyly pellehana geldiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Şu ýyl gündogar sebit boýunça 10 müň 200 gektar ýerden 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak meýilleşdirilýär. Welaýatyň beýleki etraplary hem şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirmegiň bosagasynda dur diýlip, habarda bellenilýär. Türkmenistanda şaly, esasan, ýurduň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ekilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir