«Bäherden» tikin fabriginde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 13 million 800 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 102 göterime barabar ösüş depgini gazanyldy. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, kärhananyň tikinçi gelin-gyzlary dürli reňkli, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli nah matalardan onlarça görnüşli tikin önümlerini öndürýärler. Ýylyň başyndan bäri, esasan-da, buýrujylaryň islegine laýyklykda, ýöriteleşdirilen iş lybaslarynyň, ýorgandyr düşekleriň, ýassyk daşlarynyň we beýleki önümleriň ýüz müňlerçesi tikildi. Häzir bolsa bu önümçilik düzüminde buýurmalar esasynda düşek daşlaryny tikmek işi giň gerimde alnyp barylýar diýlip, habarda bellenilýär.