20-nji noýabrda Seulda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň Akyl merkezleriniň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoly» duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistandan ýurduň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasyndan wekiller gatnaşdy diýip, ilçihana habar berýär Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäginde hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyşlarda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin özara gatnaşyklaryň Akyl merkezleriniň üsti bilen hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň möhümdigi aýdyldy. Çäräniň netijesinde taraplar, gatnaşyjy ýurtlaryň daşary gatnaşyklar bölümleriniň ýolbaşçylarynyň kararyna laýyklykda, Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasy ýurtlaryndan yzygiderli Akyl merkezleriniň forumyny açmak barada ylalaşdylar. Forumyň dowamynda seljeriş institutlary bu formatda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça teklipleri hödürlär. «Tegelek stoluň» jemleýji resminamasy hökmünde Akyl merkezleriniň esasy şertnamalaryny ýazga alýan Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir